“World Tourism Forum Institute” Türkmenistanyň ösüşlerini ýörite neşirde beýan etdi

“World Tourism Forum Institute” halkara syýahatçylyk guramasynyň resmi neşiri bolan “World Magazine” žurnalynyň nobatdaky sany Türkmenistanyň taryhy-medeni mirasyna, ykdysady ösüşine we syýahatçylyk mümkinçiliklerine bagyşlandy. 60 sahypadan ybarat ýörite neşirde ýurdumyzyň halkara abraýy, hemişelik Bitaraplyk derejesi hem-de Ýewraziýada möhüm ulag merkezi hökmünde orny giňişleýin beýan edilýär. Bu barada Türkmenistanyň Halkara habarlar merkezi habar berdi.

“Turkmenistan 2026: Independent Neutral Turkmenistan, the Homeland of Purposeful Winged Horses” atly ýörite san Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanyp taýýarlanyldy. Neşiriň bezeginde türkmen halkynyň milli buýsanjy bolan ahal-teke bedewiniň keşbine aýratyn orun berildi.

Žurnalda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk syýasaty, Hazar deňzindäki mümkinçilikleri, Türkmenbaşy halkara deňiz portunyň ähmiýeti, ýurduň ykdysady ösüşi we syýahatçylyk pudagynyň geljegi barada makalalar ýerleşdirildi. Şeýle hem türkmen alabaýy, ahal-teke bedewleri, beýik akyldar Magtymguly Pyragynyň döredijilik mirasy we taryhy-medeni ýadygärlikler barada giňişleýin maglumatlar okyjylara ýetirildi.

Neşirde Aşgabat şäheriniň binagärlik aýratynlyklary, dünýä belli Derweze gaz krateri, Ýaňgala jülgesi hem-de Hazar deňziniň kenaryndaky “Awaza” milli syýahatçylyk zolagy ýaly özboluşly ýerler daşary ýurtly okyjylara tanyşdyrylýar. Şeýle hem Türkmenistanyň syýahatçylyk we maýa goýum ugurlaryndaky mümkinçiliklerine aýratyn üns berilýär.

Şeýle hem