Gruziýa bilen Türkmenistanyň arasynda bilim we ylym ulgamlarynda hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen iş toparynyň ilkinji mejlisi geçirildi. Gruzin tarapyna Gruzýanyň Bilim, ylym we ýaşlar ministriniň orunbasary Zwiad Gabisoniýa, türkmen tarapyna bolsa Türkmenistanyň Bilim ministriniň orunbasary Azat Ataýew ýolbaşçylyk etdi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar berdi.
Gepleşikleriň dowamynda iki döwletiň bilim we ylym babatdaky hyzmatdaşlygyny täze derejä çykarmagyň ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplar bilelikdäki bilim we ylmy taslamalary durmuşa geçirmek, ýaşlar syýasaty bilen bagly başlangyçlary ilerletmek, şeýle hem ýokary okuw mekdepleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygy we akademiki alyşmalary giňeltmek meselelerine aýratyn üns berdiler. Mejlisde ara alnyp maslahatlaşylan ugurlar boýunça anyk çäreleriň we bilelikdäki meýilnamalaryň taýýarlanylmagy hem-de olaryň tapgyrlaýyn amala aşyrylmagy barada ylalaşyk gazanyldy.
Duşuşyga gatnaşyjylar şeýle iş maslahatlarynyň özara tejribe alyşmaga, öňdebaryjy bilim usullaryny öwrenmäge hem-de hyzmatdaşlygyň täze mümkinçiliklerini kesgitlemäge ýardam berjekdigini bellediler. Şeýle hem bu başlangyçlaryň Gruziýa bilen Türkmenistanyň bilim we ylym ugurlaryndaky gatnaşyklaryny has-da pugtalandyrmaga we uzak möhletleýin hyzmatdaşlygy ösdürmäge hyzmat etjekdigi nygtaldy.