2026-njy ýylyň 4–6-njy sentýabry aralygynda atçylyk dünýäsinde möhüm wakalaryň biri geçiriler. Niderlandlar Patyşalygynyň Kronenberg şäherindäki meşhur «Pilbergen» halkara atçylyk sport toplumynda ahalteke atlarynyň arasynda atly sport we gözellik bäsleşigi guralar. Bu abraýly çäre behişdi bedewleriň gözelligini, çydamlylygyny we türkmen atşynaslyk sungatynyň baý mirasyny dünýä jemgyýetçiligine giňden tanatmaga mümkinçilik berer.
Ahalteke atlary dünýäniň iň gadymy we arassa ganly bedew tohumlarynyň biri hökmünde tanalýar. Olaryň arasynda geçiriljek dünýä çempionatynyň Ýewropanyň öňdebaryjy atçylyk merkezleriniň birinde guralmagy aýratyn ähmiýete eýedir. Bu waka türkmen halkynyň müňýyllyklaryň dowamynda kemala getiren atçylyk däpleriniň häzirki zaman sport tejribesi we täze tehnologiýalar bilen utgaşýandygyny görkezýär.
Niderlandlaryň günorta bölegi köp ýyllardan bäri halkara atçylyk ulgamynyň möhüm merkezleriniň biri hasaplanýar. Bu ýerde dünýä derejesindäki ýaryşlara gatnaşýan türgenler taýýarlyk geçýärler. Kronenberg şäheriniň amatly ýerleşişi hem dürli ýurtlardan gatnaşyjylaryň we tomaşaçylaryň çempionata gatnaşmagyny ýeňilleşdirýär.
Dünýä çempionatynyň maksatnamasy dürli ugurlary öz içine alar. Ýaryşlaryň dowamynda ahalteke bedewleriniň päsgelçiliklerden geçmek, çydamlylyk we ussatlyk ýaly aýratynlyklaryny görkezýän konkur hem-de atly gezelenç boýunça bäsleşikler geçiriler. Gözellik bäsleşiginde bolsa halkara eminleri bedewleriň daşky görnüşine, beden gurluşyna, hereketleriniň sazlaşygyna we tohum aýratynlyklaryna baha bererler.
Çäräniň çäklerinde guraljak sergi we medeni maksatnamalar hem aýratyn gyzyklanma döreder. Bu ýerde gatnaşyjylar we myhmanlar türkmen halyçylyk sungatynyň, zergärçilik önümleriniň, milli at esbaplarynyň, bezeg şaý-sepleriniň, nakgaşçylyk we heýkeltaraşlyk eserleriniň ajaýyp nusgalary bilen tanyşyp bilerler.
Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň guramagynda geçiriljek ylmy-amaly maslahatda dürli ýurtlardan gelen hünärmenler we alymlar ahalteke atlarynyň tohum aýratynlyklaryny gorap saklamak, olaryň saglygyny üpjün etmek, seýisçilik usullaryny ösdürmek hem-de pudaga sanly ulgamlary ornaşdyrmak boýunça pikir alşarlar.
Dünýä çempionatynyň dowamynda «Ahalteke bedewi — gözelligiň naýbaşy nusgasy» atly halkara döredijilik bäsleşiginiň hem netijeleri jemlener. Bu bäsleşikde nakgaşçylyk, heýkeltaraşlyk, zergärçilik, halyçylyk we fotosurat ugurlarynda döredilen eserler hödürlener.
Çäräniň jemleýji gününde dürli ugurlar boýunça ýeňijileri sylaglamak dabarasy geçiriler. «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň çykyşlary bolsa dünýä çempionatynyň dabaraly pursatlaryna aýratyn öwüşgin goşar.
Ahalteke bedewleri türkmen halkynyň taryhy, medeniýeti we ruhy gymmatlyklary bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Gadymy döwürlerden bäri türkmeniň wepaly ýoldaşy bolan atlar halkyň durmuşynda, söweş taryhynda we milli däplerinde aýratyn orun eýeläpdir. Türkmen atşynaslyk sungaty nesilden-nesle geçip, häzirki döwürde hem dünýä derejesinde öz ähmiýetini saklaýar.
Ahalteke bedewleriniň çydamlylygy, gözelligi we eýesine wepalylygy olary dünýäniň iň meşhur at tohumlarynyň hataryna goşýar. Türkmen halkynyň taryhynda edermenligiň we gaýduwsyzlygyň nyşany bolan bedewler häzirki wagtda hem milli buýsanjyň, medeni mirasyň we dostluk gatnaşyklarynyň özboluşly nyşany bolup durýar.
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda geçiriljek bu halkara ýaryş ahalteke bedewleriniň şan-şöhratyny dünýä ýaýmak bilen birlikde, türkmen halkynyň milli mirasyny gorap saklamak we geljekki nesillere ýetirmek ugrunda alnyp barylýan işleriň möhüm beýany bolar.