Gahryman Arkadagymyz Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli umumy okuw sapagyny geçirdi

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow 2-nji sentýabrda Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli umumy okuw sapagyny geçirdi. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazeti habar berdi.

Duşuşyga jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylary, mugallymlar, talyplar, mekdep okuwçylary, ýaş hünärmenler we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Sapagyň öňüsyrasynda Gahryman Arkadagymyz täze okuw ýylynda ulanmaga berlen döwrebap bilim edaralarynyň ýaşlaryň bilim almagy üçin döredilýän giň mümkinçilikleriň aýdyň beýanydygyny belledi.

Umumy okuw sapagynda türkmen halkynyň Milli Lideri Garaşsyz Türkmenistanyň ösüşleri, hemişelik Bitaraplyk syýasaty, halkara abraýy, ýaş nesliň öňündäki wezipeler barada giňişleýin çykyş etdi. Ol ýaşlara Watana söýgi, milli gymmatlyklara hormat, bilim almaga ymtylyş we döredijilikli zähmet çekmek ýaly häsiýetleriň möhüm ähmiýetini nygtady.

Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly senesiniň öňüsyrasynda ýurdumyzyň syýasy, ykdysady we medeni taýdan gazanan üstünliklerine ünsi çekdi. Şeýle hem Bitaraplygyň parahatçylygy, durnuklylygy we halkara hyzmatdaşlygy ösdürmekde eýeleýän ornuny aýratyn belledi.

Çykyşda Türkmenistanyň dünýä bileleşigi bilen gatnaşyklary, Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde öňe sürýän başlangyçlary, ulag, energetika, ekologiýa we ynsanperwer ugurlardaky hyzmatdaşlygy barada hem gürrüň edildi. Milli Liderimiz ýurdumyzyň parahatçylyk söýüji daşary syýasatynyň esasy ýörelgeleriniň dialoga, özara hormata we dostluga esaslanýandygyny aýtdy.

Gahryman Arkadagymyz ýaşlaryň döwrebap bilim almagy, täze tehnologiýalary öwrenmegi, ylmy gözleglere gatnaşmagy we innowasion pikirleri durmuşa geçirmegi üçin ähli şertleriň döredilýändigini belledi. Ol Türkmenistanda «Akylly jemgyýet» konsepsiýasyny ösdürmegiň, halkara ylym-bilim hyzmatdaşlygyny giňeltmegiň möhümdigini aýtdy.

Okuw sapagynda milli taryhy mirasy öwrenmegiň, türkmen halkynyň medeni gymmatlyklaryny gorap saklamagyň we ýaş nesli watançylyk ruhunda terbiýelemegiň ähmiýetine aýratyn üns berildi. Gahryman Arkadagymyz türkmen halkynyň beýik şahsyýetleriniň, alymlarynyň we akyldarlarynyň mirasynyň ýaşlar üçin uly ruhy çeşme bolup durýandygyny nygtady.

Milli Lider ýaşlara maşgala gymmatlyklaryna hormat goýmak, edep-terbiýäni berkitmek, ene-ata hormat, zähmetsöýerlik we jemgyýetde mynasyp orun eýelemek barada nesihat berdi. Mugallymlaryň ýaş nesli terbiýelemekdäki möhüm ornuna ünsi çekip, bu käriň uly jogapkärçiligi talap edýändigini aýtdy. Gahryman Arkadagymyz türkmen ýaşlaryny Watanyň geljegi hökmünde häsiýetlendirip, olaryň bilimleri, zähmeti we döredijiligi bilen ýurdumyzyň abraýyny has-da belende galdyrjakdyklaryna ynam bildirdi.

Okuw sapagynyň ahyrynda talyplar çykyş edip, döredilýän mümkinçilikler üçin hoşallyk bildirdiler hem-de ýaş nesliň döwrebap bilim almagyna uly üns berýän döwlet ýolbaşçylaryna saglyk we üstünlik arzuw etdiler. Umumy okuw sapagy ýaşlaryň watansöýüjilik ruhunda terbiýelenmeginde, olaryň milli gymmatlyklara we döwrebap ösüşlere bolan garaýyşlaryny ösdürmekde möhüm waka hökmünde bellendi.

Şeýle hem