Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşigi ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň derejesine ýokary baha berdiler

28-nji awgustda Aşgabatda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýurtda diplomatik wezipesini tamamlaýan Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky ilçisi Beata Peksa bilen duşuşygy boldy.

Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky syýasy, ykdysady, ulag-energetika we medeni-ynsanperwer ulgamlardaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyna ýokary baha berdiler.

Kanunyň hökmürowanlygy, adam hukuklary, ekologiýa, sanlylaşdyrmak, ulag we hususy pudak ýaly ugurlardaky bilelikdäki taslamalaryň we maksatnamalaryň netijeliligi bellenildi.

Hyzmatdaşlygyň ikitaraplaýyn gurallary hökmünde “ÝB – Merkezi Aziýa” formatyndaky özara gatnaşyklaryň ähmiýeti nygtaldy.

Duşuşykda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary ösdürmekde goşan goşandy üçin ilçi Beata Peksa minnetdarlyk beýan edildi.

Şeýle hem