Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysy diplomatik işini tamamlaýan Fransiýanyň ilçisi bilen duşuşdy

28-nji awgustda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Aşgabatdaky diplomatik missiýasyny tamamlaýan Fransiýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Filipp Merlen bilen duşuşdy.

Ilçi özüniň diplomatik gullugyny alyp baran döwründe berilen hemmetaraplaýyn goldaw üçin türkmen tarapyna tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.

Taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda türkmen-fransuz gatnaşyklarynyň yzygiderli ösdürilýändigini nygtadylar. Döwletara gatnaşyklaryny ösdürmegiň esasy şerti hökmünde ýokary derejedäki saparlar we hyzmatdaşlyklaryň tutýan orny aýratyn bellenildi.

Duşuşykda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň biri bolan söwda-ykdysady gatnaşyklar, hususan-da, oba we suw hojalygy hem-de «ýaşyl» tehnologiýalar ulgamyndaky hyzmatdaşlyk ara alnyp maslahatlaşyldy.

Taraplar medeni-ynsanperwer ulgamda köp ýyllyk özara gatnaşyklaryň netijeli bolandygyny tassykladylar.

Şeýle hem