Türkmenistanyň demir ýol ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýady pugtalandyrylýar

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde 28-nji awgustda wise-premýer Batyr Annaýew ýurdumyzyň demir ýol ulagy pudagynda alnyp barylýan işler barada maglumat berdi. Hasabatda ulgamyň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak we ösdürmek boýunça durmuşa geçirilýän çäreler barada aýdyldy. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazeti habar berdi.

Wise-premýeriň bellemegine görä, häzirki wagtda bu ugurda degişli işler alnyp barylýar. Şunda daşary ýurtlaryň öňdebaryjy kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge aýratyn üns berilýär. Amala aşyrylýan çäreler demir ýol ulgamynyň mümkinçiliklerini giňeltmäge, onuň geçirijilik ukybyny ýokarlandyrmaga, ýolagçy we ýük gatnawlarynyň howpsuzlygyny hem-de netijeliligini üpjün etmäge gönükdirilendir. Mejlisiň dowamynda wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň milli demir ýol ulagy pudagyny ösdürmek, onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak boýunça alnyp barylýan işleriň möhümdigini belledi. Döwlet Baştutanymyz demir ýol ulgamynyň geçirijilik kuwwatyny artdyrmaga gönükdirilen teklibi goldady hem-de wise-premýere bu ugurda zerur işleri dowam etdirmek boýunça degişli tabşyryklary berdi.

Şeýle hem