Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli sentýabr aýyndaky dabaralary ýokary derejede taýýarlamagy tabşyrdy

28-nji awgustda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi, onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe mesele ara alnyp maslahatlaşyldy. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Bahar Seýidowa şu ýylyň sentýabr aýynda geçiriljek esasy çäreleriň Tertibi barada hasabat berdi. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazeti habar berdi.

Hasabatda nygtalyşy ýaly, geljek aýyň dowamynda 2026-njy ýylyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýyly diýlip yglan edilmegi, mukaddes Garaşsyzlygyň 35 ýyllyk baýramy mynasybetli dürli dabaralaryň, sergileriň, maslahatlaryň hem-de wagyz-nesihat çäreleriniň, yglan edilen döredijilik bäsleşikleriniň jemini jemlemek dabaralarynyň, teatrlarda täze sahna oýunlarynyň ilkinji görkezilişleriniň guralmagy, “Garaşsyzlygyň merjen däneleri” bäsleşiginiň, “Ýaňlan, Diýarym!” telebäsleşiginiň jemleýji tapgyrlarynyň geçirilmegi göz öňünde tutulýar.

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllygy mynasybetli döwlet sylaglaryna mynasyp bolanlara sylaglaryň gowşurylyş dabaralarynyň, Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasynyň, medeniýet we sungat ussatlarynyň baýramçylyk konsertiniň geçirilmegi meýilleşdirilýär. Şeýle hem şanly sene mynasybetli Garaşsyzlyk binasyna gül goýmak dabarasynyň, welaýatlaryň, Arkadag şäheriniň baş baýdak meýdançalarynda Döwlet baýdagynyň galdyrylyş dabarasynyň, Döwlet münberiniň öňündäki meýdançada dabaraly ýörişiň, konsertiň, Aşgabat atçylyk sport toplumynda baýramçylyk at çapyşyklarynyň, Türkmenistanyň Prezidentiniň döwrebaplaşdyrylan Ahalteke atçylyk toplumynyň açylyş dabarasynyň geçirilmegi göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanynyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.

Hasabaty diňläp, Serdar Berdimuhamedow ýurduň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli sentýabr aýyndaky baýramçylyk çärelerine we Döwlet münberiniň öňünde geçiriljek dabaralara ýokary derejede taýýarlyk görmegiň wajypdygyna ünsi çekdi. Döwlet Baştutany wise-premýere ulanmaga berilýän medeni-durmuş maksatly binalaryň açylyş dabaralaryna gowy taýýarlyk görmegi we olary ýokary derejede geçirmegi tabşyrdy.

Şeýle hem