28-nji awgustda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi, onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe mesele ara alnyp maslahatlaşyldy. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Nökerguly Atagulyýew Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli ýurduň ykdysady üstünlikleriniň sergisine görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazeti habar berdi.
Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda sergini ýokary derejede guramaçylykly geçirmek üçin degişli taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Sergide ýurtda Garaşsyzlyk ýyllarynda ýetilen sepgitler, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe döwletiň hem-de jemgyýetiň ähli ugurlarynda durmuşa geçirilýän özgertmeler, şeýle hem Watanyň şan-şöhratyny has-da belende galdyrmakda, halkyň eşretli durmuşyny üpjün etmekde gazanylýan üstünlikler öz beýanyny tapar. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanynyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.
Hasabaty diňläp, Serdar Berdimuhamedow mukaddes Garaşsyzlygyň 35 ýyllygy mynasybetli geçiriljek sergide ýurtda alnyp barylýan işleri, gazanylan üstünlikleri giňden beýan etmegiň zerurdygyny nygtady. Döwlet Baştutany wise-premýere ýurduň ykdysady üstünliklerine bagyşlanan sergini guramaga gowy taýýarlyk görmegi we ony ýokary derejede geçirmegi tabşyrdy.