2026-njy ýylyň 20-nji awgustynda Yslamabat şäherindäki «The Centaurus Group» kompaniýasynyň baş edarasynda Türkmenistanyň Pakistandaky ilçisi Atajan Möwlamow Pakistanyň Premýer-ministriniň Syýahatçylyk boýunça geňeşçisi we milli utgaşdyryjysy, «The Centaurus Group» kompaniýasynyň baş ýerine ýetiriji direktory Sardar Ýasir Ilýas Han bilen duşuşyk geçirdi.
Duşuşygyň dowamynda Türkmenistan bilen Pakistanyň arasynda syýahatçylyk we medeni-ynsanperwer ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň mümkinçilikleri barada pikir alşyldy.
Türkmenistanyň ilçisi 2026-njy ýylyň Türkmenistanda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» şygary astynda geçirilýändigini aýratyn nygtamak bilen ýurdumyzyň döwlet Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygynyň giňden bellenilýän ýylyň çäklerinde milli atşynaslygy ösdürmek we dünýä belli ahalteke bedewleriniň meşhurlygyny artdyrmak boýunça geçirilýän çäreler barada giňişleýin maglumat berdi. Şunda2026-njy ýylyň 4–6-njy sentýabrynda Niderlandlar Patyşalygynyň Niderlandlar Patyşalygynyň Kronenberg şäherindäki meşhur «Peelbergen» atçylyk-sport toplumynda geçiriljek Ahalteke bedewleriniň ilkinji dünýä çempionatynyň ähmiýetine aýratyn üns çekildi.
Pakistan tarapy Türkmenistanyň we Pakistanyň degişli edaralarynyň arasynda atçylyk sporty boýunça hyzmatdaşlygy ýola goýmaga we ösdürmäge gyzyklanma bildirdi.