Türkmenistanyň Belarusdaky ilçihanasynda ýurduň gazanan üstünlikleri we bilim ulgamynyň ileri tutulýan ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy

Türkmenistanyň Belarus Respublikasyndaky ilçihanasynda Polotskly Ýefrosiniýanyň adyny göterýän Polotsk döwlet uniwersitetiniň türkmen we daşary ýurtly talyplarynyň gatnaşmagynda maslahat geçirildi.

Çäre Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanan dabaraly çäreleriň çäginde guralyp, ol döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna hem-de halkara bilim hyzmatdaşlygyny ösdürmäge gönükdirildi.

Maslahatda Türkmenistanyň Belarus Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Nazarguly Şagulyýew çykyş etdi. Diplomat öz çykyşynda ýurduň Garaşsyzlyk ýyllarynda gazanan üstünliklerini, halkara giňişligindäki ornunyň pugtalandyrylmagyny hem-de Prezident Serdar Berdimuhamedowyň ylym-bilim ulgamyndaky özgertmelerini we başlangyçlaryny aýratyn belledi.

Şeýle-de, gatnaşyjylara Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Aşgabatda geçiriljek Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi barada giňişleýin maglumat berildi. Bu çäräniň döwletiň durmuş-ykdysady ösüşiniň möhüm wezipelerini kesgitlemekde uly ähmiýete eýedigi nygtaldy.

Şeýle hem