Türkmenistan Serbiýada geçiriljek «EXPO-2027» Bütindünýä ýöriteleşdirilen sergisine gatnaşmaga taýýarlyk görýär

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda durmuş-ykdysady ugurlarda gazanylýan üstünlikleri dünýä ýaýmak, daşary ýurtlar bilen özara bähbitli gatnaşyklary has-da ösdürmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligine 2027-nji ýylda Serbiýa Respublikasynyň Belgrad şäherinde geçiriljek «EKSPO — 2027» Bütindünýä ýöriteleşdirilen sergisine gatnaşmak üçin Türkmenistanyň milli pawilýonynyň gurluşyk-gurnama işlerini we beýleki degişli işleri ýerine ýetirmäge ygtyýar berildi.

 

Şeýle hem