Awazada halkara hyzmatdaşlar bilen ekologiýa diplomatiýasy we «ýaşyl» ykdysadyýet maslahatlaşyldy

«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda 12-nji awgustda Hazar deňziniň güni mynasybetli geçirilen dabaralaryň çäklerinde Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow birnäçe halkara guramalarynyň ýolbaşçylary hem-de diplomatlar bilen ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirdi. Gepleşikler Halkara Migrasiýa Guramasynyň Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin utgaşdyryjysy Serhan Aktoprak, Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky ilçisi Beata Peksa, BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy Sýaoszýun Greýs Wan we ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkeziniň ýolbaşçysy Uilýam Lif bilen geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi habar berdi.

Söhbetdeşlikleriň barşynda Hazar sebitinde durnukly ösüşi üpjün etmek, daşky gurşawy goramak we ekologiýa diplomatiýasyny ilerletmek ýaly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplar Hazar deňziniň täsin ekoulgamyny gorap saklamak boýunça bilelikdäki taslamalary amala aşyrmagyň wajypdygyny aýratyn bellediler.

Şeýle hem duşuşyklarda «ýaşyl» ykdysadyýete geçmek, energiýa howpsuzlygyny pugtalandyrmak we BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralary bilen hyzmatdaşlygy giňeltmek mümkinçiliklerine seredildi. Halkara hyzmatdaşlar Türkmenistanyň ekologik başlangyçlaryna ýokary baha berip, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde ýurtda amala aşyrylýan taslamalara doly goldaw bildirdiler.

Şeýle hem