«Ahalteke atlary — parahatçylygyň ilçileri» atly zehin telebäsleşigi yglan edildi

Türkmenistanyň Bilim ministrligi hem-de Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasy mekdep okuwçylarynyň arasynda «Ahalteke atlary — parahatçylygyň ilçileri» atly zehin telebäsleşigini yglan etdi. Bu bäsleşik türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň howandarlygynda we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň goldawy bilen guralýar. Ýaryşyň baş maksady ýaşlaryň ahalteke bedewlerine bolan söýgüsini we buýsanjyny artdyrmakdan hem-de zehinli mekdep okuwçylaryny ýüze çykarmakdan ybaratdyr.

Telebäsleşige ýurdumyzyň orta mekdepleriniň 11-12-nji synp okuwçylary gatnaşyp bilerler. Bäsleşik üç tapgyrdan ybarat bolup, onuň birinji saýlama tapgyry 2026-njy ýylyň 22-nji sentýabrynda sanly ulgam arkaly test görnüşinde geçiriler. Test synagyndan üstünlikli geçen okuwçylar bäsleşigiň indiki tapgyrlaryna gatnaşmaga hukuk gazanarlar.

Görkezilen bäsleşigiň ikinji we üçünji tapgyrlary 2026-njy ýylyň oktýabr-dekabr aýlary aralygynda Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda geçiriler we teleýaýlym arkaly ýazgy ediler. Ikinji tapgyrda ýokary netije görkezen bäsdeşler jemleýji üçünji tapgyra geçip, onda birinji, ikinji we üçünji orunlaryň eýeleri kesgitleniler.

Bäsleşigiň ýeňijilerine baş baýrak bolan ýörite kubok, altyn, kümüş, bürünç medallary gowşurylar. Şeýle hem olara “Türkmen atlary” döwlet birleşiginiň, Bilim ministrliginiň hem-de Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň hormat hatlary, diplomlary, şahadatnamalary we gymmat bahaly ýadygärlik sowgatlary gowşurylar.

Bäsleşige gatnaşmak isleýänler degişli nusga boýunça arzalary 2026-njy ýylyň 15-nji sentýabryna çenli info@ihba.edu.tm elektron poçtasyna ugratmalydyrlar. Bäsleşigiň düzgünnamasy we goşmaça maglumatlar Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň resmi sahypasynda ýerleşdirildi.

Şeýle hem