Türkmenistanyň ABŞ-daky ilçisi Esen Aýdogdyýew ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň syýasy meseleler boýunça orunbasary Ellison M. Hukeriň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ilçileri bilen geçiren duşuşygyna gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň ABŞ-daky ilçihanasy habar berdi.
Duşuşyga gatnaşyjylar işewürlik, aýratyn möhüm minerallar, emeli aň we sanlylaşdyrmak ugurlarynda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Duşuşygyň dowamynda öňde boljak ikitaraplaýyn hem-de sebitleýin çäreler, şeýle hem umumy gün tertibiniň esasy meseleleri barada pikir alyşyldy.
Duşuşygyň jemleri boýunça ABŞ bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda dialogy hem-de amaly hyzmatdaşlygy dowam etdirmegiň ähmiýeti tassyklanyldy.