Arkadag şäheriniň häkimliginde geçirilen maslahatda ýylyň ilkinji ýedi aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemleri jemlenilip, «akylly» şäher konsepsiýasy esasynda bina edilýän Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynyň gurluşygynyň ýokary depginler bilen dowam edýändigi bellenildi. Şäheriň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň, häkimligiň hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň gatnaşmagynda geçen bu çärede gurluşyk işlerinde kämil tehnologiýalaryň we milli binagärlik sungatynyň utgaşykly ulanylýandygyna aýratyn üns çekildi. Bu barada «Arkadag» gazeti habar berdi.
Maslahatda şäheriň edara-kärhanalarynyň ýolbaşçylarynyň hasabatlary diňlenip, gurluşyk ýerlerinde bina edilýän binalaryň bezeg aýratynlyklaryna, binagärlik şekillerine we kämil sanly ulgamlaryň ornaşdyrylyşyna uly üns berilýändigi nygtaldy. Türkmenistanyň at gazanan arhitektory Gahryman Arkadagymyzyň amala aşyrýan saparlarynda berýän gymmatly maslahatlary esasynda, durmuş we önümçilik maksatly binalaryň ählisi häzirki zaman şähergurluşyk maksatnamasynyň iň ýokary talaplaryna laýyklykda bina edilýär.
Hasabat döwrüniň dowamynda sebitde deňi-taýy bolmadyk bu «akylly» şäherde halkara forumlar, sergiler, köpçülikleýin sport çäreleri we wagyz-nesihat duşuşyklary ýokary guramaçylyk derejesinde geçirildi. Şeýle hem ýaş nesli we ilaty sagdyn durmuş ýörelgelerine çekmek maksady bilen dürli sport ýaryşlary yzygiderli guraldy.
Duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine taýýarlyk görmek we mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramyny täze zähmet üstünlikleri bilen garşylamak barada giňişleýin seredilip geçildi. Maslahatyň ahyrynda gatnaşyjylar ýurduň galkynyşy we halkyň bagtyýar durmuşy barada yzygiderli alada edýän Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden alkyş sözlerini ýolladylar.