05-nji awgustda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasyna başlyklyk edýän Şweýsariýa Konfederasiýasynyň wise-prezidenti, Daşary işler federal departamentiniň başlygy Inýasio Kassis bilen duşuşyk geçirdi.
Duşuşygyň dowamynda taraplar Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň alyp barýan işiniň möhüm meselelerini, Türkmenistan bilen bu Guramanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmegini, şeýle hem Türkmenistan bilen Şweýsariýa Konfederasiýasynyň arasyndaky özara gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyny ara alyp maslahatlaşdylar.
Türkmenistanyň Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy bilen hyzmatdaşlygynyň ulgamlaýyn we amaly ugurly häsiýete eýedigi bellenildi.
Taraplar Aşgabatda Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda ýokary derejeli sebitleýin çärelerini geçirmek tejribesiniň mundan beýläk-de dowam etdirilmeginiň ähmiýetini nygtadylar, şeýle hem öň geçirilen bilelikdäki çäreleriň netijelerine oňyn baha berdiler. Mundan başga-da, ýakyn wagtda Aşgabatda geçirilmegi meýilleşdirilýän, sebitleýin hyzmatdaşlygy ösdürmäge we öňdebaryjy tejribe alyşmaga gönükdirilen birnäçe bilelikdäki çäreleri taýýarlamak meseleleri boýunça pikir alşyldy.
Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Aşgabatdaky Merkezi bilen hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmeginiň mümkinçiliklerine aýratyn üns berildi.
Duşuşygyň ahyrynda türkmen tarapy Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynda Şweýsariýanyň başlyklyk etmeginde Guramanyň Sekretariaty, onuň institutlary hem-de Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Aşgabatdaky Merkezi bilen mundan beýläk-de ýakyn we netijeli hyzmatdaşlyk etmäge taýýardygyny tassyklady.