Türkmenistanyň ilçisi Halkara parlamentariýler kongresiniň Baş sekretary bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Pakistan Yslam Respublikasyndaky ilçihanasynda 4-nji awgustda Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçi Atajan Möwlamow bilen Halkara parlamentariýler kongresiniň Baş sekretary, senator hanym Sitara Aýazyň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşykda Türkmenistan bilen Halkara parlamentariýler kongresiniň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Hususan-da, parlamentara gatnaşyklary pugtalandyrmaga, sebitiň parlamentarileriniň arasyndaky dialogy giňeltmäge, şeýle hem Türkmenistanyň Mejlisi bilen kongresiň arasyndaky institusional hyzmatdaşlygy ösdürmäge aýratyn üns berildi.

Taraplar Merkezi Aziýa döwletleriniň parlament agzalarynyň gatnaşmagynda halkara maslahatlary, tegelek stollary we forumlary guramak mümkinçiliklerini gözden geçirdiler. Şeýle çäreleriň parlament diplomatiýasyny ilerletmek we kanun çykaryjylyk tejribesini ösdürmek üçin netijeli meýdança boljakdygy bellenildi. Senator Sitara Aýaz öz gezeginde Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk syýasatyna ýokary baha berdi.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar sebit hyzmatdaşlygyny ösdürmäge gönükdirilen bilelikdäki başlangyçlar arkaly yzygiderli dialogy dowam etdirmäge ygrarlydyklaryny tassykladylar.

Şeýle hem