Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow iýul aýynyň 31-ne Astanada «Merkezi Aziýa – Koreýa Respublikasy» hyzmatdaşlyk forumynyň ýokary wezipeli resmileriniň üçünji maslahatyna gatnaşdy. Gatnaşyjylar «Merkezi Aziýa – Koreýa Respublikasy» sammitine taýýarlyk meselelerini, şol sanda jemleýji resminamanyň taslamasyny ara alyp maslahatlaşdylar.
Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary öz çykyşynda ýurduň forumyň çäklerinde köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga ygrarlydygyny tassyklap, Merkezi Aziýa döwletleri bilen Koreýa Respublikasynyň arasynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmegiň möhümdigini nygtady.
«Merkezi Aziýa – Koreýa Respublikasy» sammitiniň we işewürlik sammitiniň geçirilmeginiň sebitiň döwletleri bilen Koreýa Respublikasynyň arasyndaky köpugurly hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmak üçin uly ähmiýete eýedigi bellenildi. Bu çäreler işewür toparlaryň wekilleriniň arasynda täze göni gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna, bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek üçin mümkinçilikleriň giňelmegine, şeýle hem senagat, energetika, ulag we logistika, sanly tehnologiýalar, oba hojalygy we özara gyzyklanma bildirilýän beýleki ugurlarda hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlaryny kesgitlemäge ýardam eder.
Şol gün Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanowyň Koreýa Respublikasynyň daşary işler ministriniň orunbasary hanym Çun Eý-he bilen duşuşygy hem geçirildi. Söhbetdeşligiň barşynda Türkmenistanyň köpýyllyk dostluk, özara ynanyşmak, hormat goýmak we düşünişmek ýörelgelerine esaslanýan türkmen-koreý hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmäge uly ähmiýet berýändigi bellenildi.
Şunuň bilen baglylykda, ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň taryhynda hemişe ileri tutulýan orny eýeleýän ýokary derejedäki saparlaryň we gatnaşyklaryň aýratyn ähmiýeti nygtaldy. Söhbetdeşler şeýle-de «Merkezi Aziýa – Koreýa Respublikasy» sammitine taýýarlyk görmegiň häzirki wagtdaky meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.