Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi 2026-njy ýylyň ýanwar–iýul aýlarynda alnyp barlan daşary syýasat işleriniň jemlerini jemledi

1-nji awgustda sanly ulgam arkaly geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow şu ýylyň ýanwar – iýul aýlarynda ministrlik tarapyndan ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiziň alyp barýan daşary syýasatyny durmuşa geçirmek, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň daşary ýurt döwletleri we halkara guramalar bilen ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn gatnaşyklaryny ösdürmek babatda öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmek maksady bilen, Daşary işler ministrligi tarapyndan hasabat döwründe degişli işler amala aşyryldy.

Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzyň halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmekde ýokary derejedäki saparlar we duşuşyklar möhüm orun eýeleýär. Şunuň bilen baglylykda, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň şu ýylyň ýedi aýynyň dowamynda Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna, Hytaý Halk Respublikasyna, Awstriýa Respublikasyna, Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyna, Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygyna hem-de Eýran Yslam Respublikasyna saparlary guraldy.

Hormatly Prezidentimiz şu ýylyň ýedi aýynyň dowamynda Gazagystan Respublikasyna, Azerbaýjan Respublikasyna, Gruziýa Respublikasyna hem-de Gyrgyz Respublikasyna saparlary amala aşyrdy.

Türkmenistanyň 2026-njy ýylda GDA-da başlyklyk etmeginiň çäklerinde dürli geňeşleriň, komissiýalaryň mejlisleri, beýleki duşuşyklar hem-de çäreler geçirilýär. Şunuň bilen baglylykda, 22-nji maýda paýtagtymyzda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi geçirildi. Mejlise gatnaşmak üçin Arkalaşygyň döwletleriniň Hökümet ýolbaşçylary ýurdumyza sapar bilen geldiler.

Hasabat döwründe Daşary işler ministrliginiň üsti bilen jemi 428 wekiliýet döwletimize sapar bilen geldi we Türkmenistandan daşary ýurtlara 761 wekiliýet saparlary amala aşyrdy.

Şu ýylyň ýanwar – iýul aýlarynda sanly ulgam arkaly dürli derejedäki duşuşyklaryň 287-si geçirildi. Şeýle hem hasabat döwründe Türkmenistanda daşary ýurt döwletleri we halkara guramalar bilen bilelikde 1376 resmi gepleşikler we duşuşyklar guraldy. Döwletimiziň halkara gatnaşyklarynyň şertnama-hukuk binýadynyň üsti halkara resminamalaryň 137-si bilen ýetirildi. Daşary işler ministrligi bilen beýleki döwletleriň daşary syýasat edaralarynyň arasynda syýasy geňeşmeleri geçirmek boýunça işler hem amala aşyrylýar.

Şeýle hem hasabat döwründe Türkmenistanyň daşary işler ministriniň BMG-niň Baş sekretary, onuň orunbasarlary, BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň Başlygy, BMG-niň Azyk we oba hojalyk guramasynyň Baş direktory, Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň ýolbaşçysy, Halkara Deňiz Guramasynyň Baş sekretary hem-de Ýadro synaglaryny ählumumy gadagan etmek barada şertnama guramasynyň Ýerine ýetiriji sekretary bilen gepleşikleri geçirildi.

Daşary ýurt döwletleriniň ilçihanalarynyň üsti bilen diplomatik gatnaşyklary ösdürmek we kämilleşdirmek Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasy işiniň wajyp ugurlarynyň biri bolup durýar.

2026-njy ýylyň ýanwar – iýul aýlarynda Çad Respublikasynyň, Indoneziýa Respublikasynyň, Italiýa Respublikasynyň, Koreýa Respublikasynyň, Argentina Respublikasynyň, Müsür Arap Respublikasynyň, Finlýandiýanyň, Keniýa Respublikasynyň hem-de Alžir Halk Demokratik Respublikasynyň ýurdumyzda täze bellenilen ilçileri we BMG-niň Türkmenistanda täze bellenilen hemişelik utgaşdyryjysy ynanç hatlaryny gowşurdylar.

Şol bir wagtda, Türkmenistanyň Taýland Patyşalygyndaky, Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndaky, Irlandiýadaky, Maldiwler Respublikasyndaky ilçileri hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň we Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň ýanyndaky Türkmenistanyň Hemişelik wekilleri ynanç hatlaryny gowşuryp, resmi taýdan işe başladylar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň dünýä döwletleri, şeýle hem abraýly halkara guramalary bilen gatnaşyklary ösdürmäge uly ähmiýet berýändigini aýtdy.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz wise-premýer, daşary işler ministrine bu gatnaşyklary ösdürmek
hem-de giňeltmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etmegi, şeýle hem halkara derejesindäki çäreleri ýokary derejede guramak boýunça degişli guramaçylyk işlerini geçirmegi tabşyrdy.

Şeýle hem