Türkmenistanyň söwda toplumynyň we hususy pudagyň görkezijileri seljerildi

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 1-nji awgustda sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Wise-premýer Nökerguly Atagulyýew gözegçilik edýän ministrliklerinde we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda, şeýle hem telekeçilik ulgamynda 2026-njy ýylyň ýanwar – iýul aýlarynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada döwlet Baştutanyna hasabat berdi. Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi boýunça söwda dolanyşygynyň ösüş depgini geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 106,8 göterime deň boldy. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazeti habar berdi.

Dokma senagaty ministrligi boýunça önüm öndürmekde 105,4 göterim ösüş gazanyldy. Şol bir wagtyň özünde, «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň kärhanalary boýunça umumy girdejiniň ösüşi 107,3 göterime barabar boldy. Hasabat döwründe Döwlet haryt-çig mal biržasy tarapyndan 169 birža söwdasy geçirilip, olarda jemi 17 müň 898 şertnama hasaba alyndy.

Ýylyň ilkinji ýedi aýynda Söwda-senagat edarasy boýunça ýerine ýetirilen işleriň ösüş depgini 119,4 göterim bolup, bu döwürde 14 sergi hem-de 8 maslahat guraldy. Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi boýunça oba hojalyk we azyk önümlerini öndürmekde 107,2 göterim, senagat önümlerini öndürmekde bolsa 107,1 göterim ösüş gazanyldy.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň bazarlaryny we söwda nokatlaryny azyk önümleri we beýleki zerur harytlar bilen bökdençsiz üpjün etmegi gözegçilikde saklamagyň möhümdigini nygtady. Döwlet Baştutanymyz wise-premýere söwda toplumynyň işini kämilleşdirmek, hususy ulgamyň önümçilik kuwwatyny artdyrmak hem-de Döwlet haryt-çig mal biržasynyň işini döwrebaplaşdyrmak boýunça degişli tabşyryklary berdi.

Şeýle hem