Türkmenistanyň ykdysadyýeti ýylyň ýedi aýynda durnukly ösüşi görkezdi

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 1-nji awgustda sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Wise-premýer Hojamyrat Geldimyradow ýylyň ilkinji ýedi aýynda gazanylan makroykdysady görkezijiler barada giňişleýin hasabat berdi. Hasabat döwründe jemi içerki önümiň ösüşi 6,3 göterime ýetip, önümçiligiň möçberi geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 10,4 göterim artdy. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazeti habar berdi.

Ykdysadyýetiň senagat, gurluşyk, söwda we hyzmatlar ýaly ähli pudaklarynda durnukly ösüş depgini gazanyldy. Şunda ulag-aragatnaşyk ulgamy 10,3 göterim, söwda ulgamy 8,5 göterim we gurluşyk pudagy 6,7 göterim ösüş görkezdi. Şeýle hem daşary söwda dolanyşygy 9 göterim, bölek satuw haryt dolanyşygy bolsa 10,1 göterim artdy. Maliýe görkezijileri hem durnuklylygy saklap, Döwlet býujetiniň girdeji bölegi 101,1 göterim berjaý edildi, zähmet haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary hem-de talyp haklary öz wagtynda maliýeleşdirildi.

Mundan başga-da, maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen düýpli maýa goýumlaryň möçberi 4,7 göterim ýokarlandy. Şeýle hem Oba milli maksatnamasynyň çäklerinde 2026-njy ýylyň ýanwar – iýul aýlarynda dürli maksatly desgalaryň gurluşygy boýunça uly göwrümli işler amala aşyryldy.

Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ykdysadyýet, maliýe we bank ulgamynyň işini yzygiderli kämilleşdirmegiň möhümdigini nygtady. Prezidentimiz jemi içerki önümiň ösüş depginini durnukly saklamak hem-de millik ykdysadyýetiň pudaklaryny netijeli ösdürmek boýunça wise-premýere birnäçe degişli tabşyryklary berdi.

Şeýle hem