Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 1-nji awgustda sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Mejlisiň Başlygy Dünýägözel Gulmanowa çykyş edip, ýylyň ilkinji ýedi aýynda parlament tarapyndan amala aşyrylan işleriň jemleri barada maglumat berdi. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazeti habar berdi.
Türkmenistanyň Kanunlarynyň 7-si we Mejlisiň kararlarynyň 12-si kabul edildi. Şol sanda «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen dabaraly harby ýörişe gatnaşyja» atly ýubileý medaly döredildi. Şeýle hem raýatlaryň hukuklaryny goramak, senagat howpsuzlygy, awtomobil ýollary, daşky gurşaw we migrasiýa degişli birnäçe kanunlara üýtgetmeler girizildi.
Häzirki wagtda döwlet edaralary we häkimlikler bilelikde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine ýokary derejede taýýarlyk görýärler.
Halkara ugurda daşary ýurt ilçilerinden ynanç hatlarynyň 7-si kabul edildi, 25 sany ikitaraplaýyn duşuşyk geçirildi. Mejlisiň wekilleri halkara okuw maslahatlarynyň 82-sine gatnaşyp, tejribe alyşmak üçin daşary ýurtlara 16 sapar amala aşyrdylar.
Prezident Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň kanunçylyk binýadyny döwrüň talaplaryna görä kämilleşdirmek boýunça işleri dowam etmegiň möhümdigini belledi.