Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynda 29-njy iýulda Türkiýe Respublikasynyň Içeri işler ministrliginiň Migrasiýa müdirliginiň wekilleri bilen iş maslahaty geçirildi. Söhbetdeşligiň dowamynda taraplar migrasiýa ulgamyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny, geljekki mümkinçiliklerini we ösüşiň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar berdi.
Duşuşyga gatnaşyjylar soňky ýyllarda türkmen-türk gatnaşyklarynyň täze mazmun bilen baýlaşyp, yzygiderli esasda ösdürilýändigini bellediler. Şeýle hem ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ilerletmekde hem-de täze ugurlary kesgitlemekde iş maslahatlarynyň yzygiderli geçirilmeginiň möhüm gural bolup durýandygy nygtaldy. Şunuň bilen birlikde, iki döwletiň dostlukly gatnaşyklarynda halkara guramalarynyň çäklerindäki özara hyzmatdaşlygyň hem uly orun eýeleýändigi bellenilip geçildi.
Maslahatyň netijeleri boýunça taraplar migrasiýa ugrundaky özara bähbitli gatnaşyklaryň geljekde hem sazlaşykly we netijeli ösdüriljekdigine uly ynam bildirdiler hem-de bilelikdäki işlerde üstünlikleri arzuw etdiler.