29-njy iýulda Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky (Astrahan şäheri) konsullyk edarasynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanan hem-de Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň öňümizdäki mejlisiniň ähmiýetine gönükdirilen maslahat geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berýär.
Çärä diplomatlar, Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň Russiýa Federasiýasynyň Astrahan oblasty boýunça bölüminiň ýolbaşçysy we işgärleri hem-de W.Tatişýew adyndaky Astrahan döwlet uniwersitetiniň talyplary gatnaşdylar.
Maslahatyň barşynda Garaşsyz Türkmenistanyň 35 ýylyň içinde gazananlary we üstünlikleri beýan edildi. Öňümizdäki Halk Maslahatynyň mejlisiniň ýurt üçin iň möhüm syýasy we jemgyýetçilik wakasy hökmündäki ornuna aýrtayn üns çekildi.