29-njy iýulda Aşgabatda Türkmenistanda täze bellenen Alžir Halk Demokratik Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi (Ankarada ýerleşýän) Bumedýen Gennad bilen duşuşyklar geçirildi. Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde diplomat ynanç hatlarynyň nusgalaryny daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Başimowa gowşurdy, şondan soň Prezident Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Dünýägözel Gulmanowa ondan ynanç hatlaryny kabul etdi.
Daşary işler ministrliginde geçirilen gepleşikleriň barşynda taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda gatnaşyklary ösdürmegiň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar. Daşary syýasat edaralarynyň arasyndaky yzygiderli gatnaşyklaryň, şeýle hem ýokary we belent derejedäki duşuşyklary guramagyň ähmiýeti nygtaldy. Ykdysady hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň hatarynda oba hojalygy we dokma senagaty bellenildi. Diplomatlar iki ýurduň işewür toparlarynyň Aşgabatda we Alžirde geçiriljek halkara sergilerine we forumlaryna gatnaşmagyna ýardam bermäge, şeýle hem medeniýet, bilim, sport we syýahatçylyk ulgamyndaky gatnaşyklary giňeltmäge ylalaşdylar.
29-njy iýulda Türkmenistanyň Mejlisinde geçirilen duşuşygyň barşynda Alžiriň ilçisi Alžir Halk Demokratik Respublikasynyň Prezidenti Abdelmajid Tebbunyň Prezident Serdar Berdimuhamedowa salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Mejlisiň Başlygy diplomaty ýurduň içeri we daşary syýasatynyň esasy ugurlary, parlamentiň gurluşy we kadalaşdyryjy hukuk namalary bilen tanyşdyrdy. Taraplar milli kanunçylygy kämilleşdirmek ulgamynda parlamentara dialogy ösdürmek we tejribe alyşmak üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny bellediler.
Mundan başga-da, Alžiriň wekili we türkmen tarapy umumy parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi ilerletmek maksady bilen, ilkinji nobatda BMG-niň we beýleki halkara guramalaryň çäklerinde ýakyn hyzmatdaşlyk ugurlaryny tassykladylar.