Türkmen halkynyň Milli Lideri «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň agzalary bilen duşuşdy

29-njy iýulda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Niderlandlar Patyşalygynda geçiriljek atçylyk sporty boýunça dünýä çempionatyna hem-de ahalteke bedewleriniň gözellik bäsleşigine gatnaşmaga taýýarlanýan «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň agzalary bilen duşuşdy. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazeti habar berýär.

Söhbetdeşligiň dowamynda Gahryman Arkadagymyz ýaş çapyksuwarlaryň okuw-türgenleşik işi, meýilnamalary hem-de durmuş maksatlary bilen gyzyklanyp, olary täze ýeňişlere ruhlandyrdy. Ýaşlara goldaw bermegiň hem-de milli atçylyk sungatyny hemmetaraplaýyn ösdürmegiň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda galýandygy nygtaldy. Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen türkmen wekiliýetiniň öňümizdäki halkara çärelere gatnaşmagyna taýýarlyk görmek boýunça guramaçylyk döwlet topary döredildi.

Şu günler wise-premýer Taňryguly Atahallyýewiň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Niderlandlar Patyşalygynyň Kronenberg şäherinde iş saparynda bolýar. Türkmenistanyň wekilleri daşary ýurtly hünärmenler hem-de atşynaslar bilen bilelikde ýaryşlar üçin meýdançalary taýýarlamak, olary milli äheňde bezemek we guramaçylyk meselelerini utgaşdyrmak işlerini alyp barýarlar.

Şeýle hem