Aşgabatda türkmen-özbek işewürlik maslahaty geçirildi

Aşgabatda ikitaraplaýyn ykdysady hyzmatdaşlygy berkitmäge gönükdirilen türkmen-özbek işewürlik maslahaty geçirildi. Çäre iki ýurduň esasy ministrlikleriniň, edaralarynyň wekilleri hem-de 40-dan gowrak öňdebaryjy kompaniýalaryň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazeti habar berýär.

Forumyň çäklerinde Özbegistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Rawşanbek Alimow çykyş etdi. Diplomat duşuşygyň ýokary derejede guralandygy üçin türkmen tarapyna minnetdarlyk bildirdi we Özbegistanyň senagat kooperasiýasyny, hususan-da, gurluşyk we bezeg serişdeleriniň, metal konstruksiýalarynyň hem-de himiýa önümleriniň önümçiligini giňeltmäge taýýardygyny nygtady.

Diplomatik wekilhananyň ýolbaşçysy ösýän dostlukly we goňşuçylyk gatnaşyklaryny hemmetaraplaýyn goldaýandyklary hem-de iki döwletiň telekeçileriniň işlemegi üçin amatly şertleri döredýändikleri üçin Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa çuňňur minnetdarlyk bildirdi.

Şeýle hem