Türkmenistan BMG-niň Baş Assambleýasynyň 81-nji sessiýasynda täze halkara başlangyçlaryny teklip eder

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň 24-nji iýulda geçiren Ministrler Kabinetiniň mejlisinde daşary işler ministri Raşid Meredow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 81-nji sessiýasynda ýurdumyzyň ileri tutjak garaýyşlary barada giňişleýin hasabat berdi. Döwlet Baştutanymyz taýýarlanylan teklipleri goldap, BMG bilen strategik hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn ösdürmegiň we sessiýa ýokary derejede taýýarlyk görmegiň wajypdygyny nygtady. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berdi.

Türkmenistanyň bu sessiýadaky esasy ugurlarynyň biri ählumumy parahatçylygy we howpsuzlygy berkitmekden ybaratdyr. Ýurdumyz BMG-niň howandarlygynda Ählumumy parahatçylyk strategiýasyny taýýarlamak boýunça döwletara geňeşmeleri geçirmegi hem-de 2027—2037-nji ýyllary «Dialogyň we öňüni alyş diplomatiýasynyň onýyllygy» diýip yglan etmegi teklip eder. Mundan başga-da, Köptaraplylygyň we döwletleriň özygtyýarly deňliginiň dostlary toparyny hem-de Parahatçylyk, bitaraplyk we öňüni alyş diplomatiýasy boýunça akademiki merkezi döretmek boýunça deslapky işler alnyp barylar.

Ylym-bilim we tehnologiýa ulgamynda bolsa Halkara gatnaşyklarda emeli aňy parahatçylykly ulanmak boýunça halkara kodeksi işläp taýýarlamak teklip ediler. Şol bir wagtda Aşgabatda Sanly ynanyşmak we emeli aňy jogapkärçilikli ulanmak meseleleri boýunça bilermenler dialogyny geçirmek hem-de BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň orny baradaky täze Kararnamanyň taslamasyny hödürlemek meýilleşdirilýär.

Durnukly ösüş, ulag we ekologiýa pudaklarynda Türkmenistan durnukly ulag arabaglanyşygynyň ählumumy atlasyny döretmek, Awaza maksatnamasyny amala aşyrmak hem-de BMG-niň howandarlygynda Durnukly söwda logistikasy we gümrük hyzmatdaşlygy boýunça halkara merkezi esaslandyrmak gеňeşmelerini öňe sürer. Ekologiýa ugry boýunça Aşgabat howa dialogyny döretmek, gurak sebitleriň howa durnuklylygyny berkitmek we «Hemmeler üçin durnukly energetika» atly ýokary derejeli foruma taýýarlyk görmek göz öňünde tutulýar.

Ynsanperwer ugurda we halkara hukugy berkitmekde bolsa Merkezi Aziýanyň zenanlar we ýaşlar dialogyny goldamak, 2028-nji ýyly «Halkara hukugyň ýyly» diýip yglan etmek boýunça başlangyçlar öňe sürüler. Şeýle hem Türkmenistan 2026—2028-nji ýyllar üçin BMG-niň Ykdysady we Durmuş geňeşiniň agzalygyny işjeň dowam etdirip, 2031-2032-nji ýyllar üçin BMG-niň Howpsuzlyk geňeşiniň hemişelik däl agzalygyna saýlanmak boýunça degişli taýýarlyk işlerini alyp barar. Taýýarlanylan bu resminama BMG-niň Sekretariatyna we agza döwletlerine ýaýradylar.

Şeýle hem