Türkmenistanda awgust aýynda geçiriljek medeni çäreleriň meýilnamasy tassyklanyldy

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde 24-nji iýulda sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisi geçirildi. Wise-premýer Bahar Seýidowa awgust aýynda guraljak esasy medeni-köpçülikleýin dabaralaryň we çäreleriň maksatnamasy barada giňişleýin maglumat berdi. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berdi.

Geljek aýda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly we mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk baýramy mynasybetli dabaraly çäreleriň, sergileriň hem-de maslahatlaryň geçirilmegi göz öňünde tutulýar. Tomusky dynç alyş möwsüminiň çäklerinde çagalar üçin döredijilik bäsleşikleri, sport ýaryşlary we medeni çäreler guralar. Şeýle hem ýurdumyzyň taryhy ýadygärlikler toplumlarynda hem-de «Köpetdag» döwlet tebigy goraghanasynda meýdan okuw maslahatlary geçiriler. Mundan başga-da, höwesjeň ýaşlaryň arasynda geçirilýän «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň welaýat tapgyrlary hem-de «Çalsana, bagşy!» bäsleşiginiň jemleýji tapgyry guralar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, awgust aýynda meýilleşdirilen ähli çäreleri ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmegiň wajypdygyny nygtady we wise-premýere degişli tabşyryklar berdi.

Şeýle hem