Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 24-nji iýulda sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Mejlisiň barşynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Batyr Annaýew demir ýol ulagy pudagyny kämilleşdirmek hem-de onuň düzüm birliklerini döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berdi.
Hasabatda bellenilişi ýaly, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleriň çäklerinde welaýatlarda demir ýol stansiýalarynyň täze, döwrebap binalaryny gurmak meýilleşdirilýär. Bu çäreler pudagyň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmaga we işgärler üçin oňaýly zähmet şertlerini döretmäge gönükdirilendir. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklipleri hödürledi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda demir ýol ulagy ulgamyny döwrebaplaşdyrmak boýunça netijeli çäreleriň görülýändigini belledi. Döwlet Baştutanymyz Ahal, Balkan we Mary welaýatlarynda demir ýol stansiýalarynyň täze binalaryny gurmak boýunça hödürlenen teklipleri makullap, wise-premýere bu ugurda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.