Türkmenistanda 1-nji awgustdan mekdep harytlarynyň söwdasy başlanar

24-nji iýulda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi, onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Mejlisiň dowamynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Nokergeldi Atagulyýew täze okuw ýylynyň öňüsyrasynda mekdep esbaplarynyň we dokma önümleriniň bölek satuwyna taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berýär.

Wise-premýer okuwçylar we talyplar üçin niýetlenen harytlaryň satuwyny welaýatlarda, etraplarda, şeýle-de Aşgabat we Arkadag şäherlerinde 1-nji awgustdan başlamagy teklip etdi. Hasabaty diňläp, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ilatyň isleglerini öwrenmegiň esasynda göçme söwda nokatlarynyň işini guramagyň zerurdygyny nygtady, teklibi makullady we degişli tabşyryklary berdi.

Şeýle hem