Türkmenistanda elektroenergetika pudagyny ösdürmek boýunça işler dowam etdirilýär

24-nji iýulda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi, onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Mejlisiň dowamynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Baýmyrat Annamämmedow Energetika ministrliginiň önümçilik kuwwatlyklaryny artdyrmak we döwrebap tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça alyp barýan işleri barada hasabat berdi. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berýär.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda ministrligiň garamagyndaky edara-kärhanalaryň önümçilik kuwwatyny ýokarlandyrmak, ýurdumyzyň sarp edijilerini elektrik energiýasy bilen ygtybarly üpjün etmek, döwrebap tehnologiýalary, häzirki zaman enjamlary önümçilige ornaşdyrmak boýunça degişli işler alnyp barylýar. Munuň özi energetika kuwwatynyň has-da artmagyna, sarp edijileriň elektrik energiýasy bilen doly üpjün edilmegine, elektrik energiýasynyň belli bir möçberini daşary ýurtlara ibermäge, täze önümçilikleri ýola goýmaga ýardam berýär.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzda elektroenergetika pudagyny ösdürmek we onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek boýunça netijeli işleriň alnyp barylýandygyny aýtdy. Döwlet Baştutanymyz wise-premýere içerki sarp edijileri elektrik energiýasy bilen üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegi tabşyrdy.

Şeýle hem