Türkmenistanyň Bilim ministri Jumamyrat Gurbangeldiýew Türk aeronawtika birleşigi uniwersitetiniň rektory, professor, doktor Rahmi Er bilen duşuşyk geçirdi. Çärä iki ýurduň bilim we awiasiýa ulgamlarynyň wekilleri gatnaşdylar. Bu barada Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň metbugat gullugy habar berýär.
Gepleşikleriň dowamynda taraplar bilim we ylym ulgamynda türkmen-türk hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýyny, şeýle hem raýat awiasiýasy üçin hünärmenleri taýýarlamak meselelere seretdiler. Uçuşlaryň howpsuzlygy, awiasiýa tehnologiýalary, logistika, emeli aň we kiberhowpsuzlyk ugurlaryndaky hyzmatdaşlyga aýratyn üns berildi.
Duşuşyga gatnaşyjylar talyplaryň we mugallymlaryň arasynda akademiki alyş-çalşygy guramagyň, bilelikdäki okuw maksatnamalaryny işläp düzmegiň hem-de iki döwletiň degişli bilim edaralarynyň arasynda göni aragatnaşyklary giňeltmegiň geljegini gözden geçirdiler.