23-nji iýulda Türkmenistanyň Gazagystan Respublikasyndaky ilçisi Batyr Rejepowyň Gazagystan Respublikasynyň Maliýe ministriniň orunbasary Ýeržan Biržanow bilen duşuşygy geçirildi.
Taraplar gümrük we salgyt ulgamlarynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki meselelerini, şol sanda degişli edaralaryň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmek, şeýle hem iki ýurduň üstaşyr, ulag we söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Duşuşygyň soňunda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek we özara gyzyklanma bildirilýän meseleler boýunça pikir alyşmalary dowam etdirmek barada ylalaşyldy.