Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň arasynda telefon arkaly gepleşik geçirildi

2026-njy ýylyň 20-nji iýulynda rus tarapynyň başlangyjy boýunça Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň we Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrowyň arasynda telefon arkaly gepleşik geçirildi. Söhbetdeşligiň dowamynda türkmen-rus gatnaşyklarynyň gün tertibinde duran birnäçe meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berýär.

Taraplar Türkmenistanyň we Russiýanyň arasynda ynsanperwer ulgamdaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de berkitmek meselelerine özboluşly üns berdiler. Şunda birnäçe bilelikdäki bilim we medeni taslamalary öňe sürmek boýunça işleri işjeňleşdirmegiň wajyplygy nygtaldy.

Daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary öňde duran çärelere, şol sanda 2026-njy ýylyň oktýabr aýynda Türkmenistanda geçirilmegi bellenilen ýokary derejelerdäki köptaraplaýyn çärelere hem seretdiler.

Şeýle hem