Türkmenistanyň Prezidenti obasenagat toplumynyň we sebitleri ösdürmegiň meseleleri boýunça sanly iş maslahatyny geçirdi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhammedow 20-nji iýulda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Taňryguly Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Maslahatda agrosenagat toplumyndaky möwsümleýin işleriň gidişi we Milli oba maksatnamasynyň durmuşa geçirilişi baradaky meseleler üns merkezinde boldy. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berýär.

Maslahatyň dowamynda Ahal, Balkan, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynyň häkimleri welaýatlarda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdiler.

Bellenilişi ýaly, şu günler sebitleriň galla oragyndan boşan meýdanlarynda sürüm işleri geçirilýär. Ekişde ulanyljak oba hojalyk tehnikalaryny, bugdaý tohumyny möwsüme taýýarlamak babatda zerur çäreler görülýär. Gowaça ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleri, hususan-da, hatarara bejergi, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri geçirilýär. Sebitlerde güýzlük ýeralmanyň, gök-bakja we beýleki oba hojalyk ekinleriniň ekişine taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Şeýle hem häkimler şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdiler.

Sebit ýolbaşçylarynyň we obasenagat toplumyna gözegçilik edýän wise-premýer Taňryguly Atahallyýewiň hasabatlaryny diňläp, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhammedow oba hojalyk pudagynyň milli ykdysadyýetimizdäki möhüm ornuny belledi we häzirki wagtda dowam edýän möwsümleýin işlere ünsi çekdi hem-de wise-premýere gowaça ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda geçirilmegini, bugdaýyň, beýleki oba hojalyk ekinleriniň ekişine ýokary hilli taýýarlyk görülmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Döwlet Baştutanymyz iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, agrotehniki çäreleriň öz wagtynda, ýokary hilli ýerine ýetirilmegini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Şeýle hem