Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýurdumyza sapar bilen gelen Özbegistan Respublikasynyň daşary işler ministri Bahtiýor Saidowy kabul etdi. Duşuşygyň başynda diplomat döwlet Baştutanymyza, şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyza Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň gyzgyn salamlaryny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Taraplar bu saparyň döwletara gatnaşyklary berkitmekde we ikitaraplaýyn strategik hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmakda täze mümkinçilikleri açjakdygyna ynam bildirdiler.
Gepleşikleriň dowamynda BMG, GDA we Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasy ýaly abraýly halkara guramalaryň çäklerindäki özara gatnaşyklara aýratyn üns berildi. Şunuň bilen baglylykda, Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda başlyklyk etmeginiň çäklerinde «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilmegi meýilleşdirilýän iri sebitara forumlaryň — GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisiniň, şeýle hem Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň Konsultatiw duşuşygynyň ähmiýetini aýratyn belledi. Taraplaryň pikiriçe, bu çäreler sebitde hoşniýetli goňşuçylyk we özara ynanyşmak gatnaşyklaryny has-da pugtalandyrmaga ýardam eder.
Söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary hökmünde energetika, ulag we logistika ýaly möhüm pudaklar bellenildi. Bu ugurdaky taslamalary utgaşdyrmakda Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki hökümetara toparyna aýratyn orun degişlidir. Mundan başga-da, söhbetdeşler iki halkyň köpasyrlyk dostluk we ruhy-medeni umumylyk gatnaşyklaryna ygrarlydygyny tassyklap, bilelikdäki medeni çäreleri geçirmek arkaly ynsanperwer ulgamdaky gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň möhümdigini bellediler.