Türkmenistan we Indoneziýa ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy täze derejä ýetirýärler

Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanowyň Indoneziýa amala aşyrýan iş saparynyň çäklerinde kärdeşi Muhammad Anis Matta bilen duşuşygy geçirildi. Diplomatlar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň geljegini hem-de sebitara meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Taraplar özara hyzmatdaşlygy we dostlukly dialogy pugtalandyrmakda yzygiderli geçirilýän syýasy geňeşmeleriň netijeli guraldygyny bellediler. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berdi.

Türkmenistanyň we Indoneziýanyň Birleşen Milletler Guramasynyň (BMG) çäklerindäki netijeli işjeňligine ýokary baha berlip, taraplaryň halkara derejesindäki parahatçylyk we ösüş başlangyçlaryny mundan beýläk-de özara goldamaga doly taýýardyklary tassyklanyldy. Şeýle hem Türkmenistanyň Günorta-Gündogar Aziýa döwletleri assosiasiýasy (ASEAN) bilen gatnaşyklary ösdürmäge uly gyzyklanma bildirýändigi bellenilip, sebitara hyzmatdaşlygyny täze hile derejä göterjek «Merkezi Aziýa + ASEAN» dialog görnüşini döretmek baradaky başlangyjyň möhüm ähmiýeti barada pikir alşyldy.

Söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmek duşuşygyň esasy ugurlarynyň biri boldy. Iki ýurduň wekilleri özara haryt dolanyşygynyň möçberlerini artdyrmak, maýa goýumlaryny işjeň çekmek we dürli pudaklarda bilelikdäki maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmek üçin entek ulanylmadyk örän uly ykdysady mümkinçilikleriň bardygyny we olary işe girizmegiň zerurdygyny bellediler.

Mundan başga-da, medeni-ynsanperwer gatnaşyklary has-da çuňlaşdyrmagyň zerurdygyna üns çekildi. Bilim, ylym, medeniýet, sport we syýahatçylyk ýaly ugurlarda hyzmatdaşlygyň güýçlendirilmeginiň iki halkyň arasyndaky dostluk köprülerini has-da pugtalandyrjakdygy bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, taraplar ýokary okuw mekdepleriniň, ylmy-barlag edaralarynyň we medeni merkezleriň arasynda göni gatnaşyklary ýola goýmaga hem-de bilelikdäki ylmy-bilim taslamalaryny durmuşa geçirmäge doly taýýardyklaryny beýan etdiler.

Şeýle hem