Türkmenistanda sport-sagaldyş merkezleri döwlet-hususy hyzmatdaşlygynda ösdüriler

Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti tarapyndan kabul edilen we Türkmenistanyň Adalat ministrliginde 1954-nji bellige alyş belgisi bilen hasaba alnan täze «Sport-sagaldyş merkezi hakyndaky Düzgünnama» ýurdumyzda döwlet-hususy hyzmatdaşlygynyň (DHH) sport ulgamynda işjeň ösdüriljekdigini resmi taýdan tassyklady. Täze resminama laýyklykda, sport-sagaldyş merkezleri diňe bir döwlet tarapyndan döredilmän, eýsem, hususy telekeçileriň gatnaşmagynda we garyşyk eýeçilik esasynda hem giňden gurlup bilner. Bu möhüm gural ýurdumyzyň sport pudagyna hususy maýa goýumlaryny yzygiderli çekmek we döwrebap sport düzümlerini bilelikde ösdürmek üçin täze we uly mümkinçilikleri açýar.

Döwlet-hususy hyzmatdaşlygynyň çäklerinde dörediljek bu merkezler ilat arasynda sagdyn durmuş ýörelgesini berkitmek we ýokary derejeli türgenleri taýýarlamak üçin esasy binýat bolup hyzmat eder. Hususy pudagyň bu işe işjeň çekilmegi sport hyzmatlarynyň görnüşlerini köpeltmäge we dolandyryşyň has içgin guralmagyna şert döreder. Şol bir wagtda, raýatlara hödürlenjek hyzmatlaryň hili we howpsuzlygy döwlet tarapyndan berk gözegçilikde saklanyp, ýerine ýetirilýän işleriň halkara ülňülerine gabat gelmegi üçin «Türkmenstandartlary» baş döwlet gullugynyň degişli şahadatnamalary talap ediler.

Şeýle hyzmatdaşlyk esasynda guraljak merkezlerde sosial taýdan aýratyn goldawa mätäç adamlara, ýagny maýyplygy bolan ýa-da saglyk mümkinçilikleri çäklendirilen raýatlara uýgunlaşdyryjy bedenterbiýe we uýgunlaşdyryjy sport hyzmatlary elýeterli bolar. Hususy maýadarlaryň goldawy we döwlet goldawynyň utgaşmagy netijesinde, ýöriteleşdirilen sagaldyş we dikeldiş maksatly enjamlar bilen üpjün edilen täze merkezler gurular. Bu bolsa maýyplygy bolan adamlaryň bedeniniň wagtlaýyn ýitiren funksiýalaryny dikeltmäge, olaryň durmuş taýdan jemgyýete aňsat goşulmagyna we psihologik kynçylyklary ýeňip geçmeklerine uly kömek berer.

Döwlet-hususy hyzmatdaşlygynda işlejek sport-sagaldyş merkezleriniň maliýe durnuklylygy hem dürli çeşmeleriň, şol sanda döwlet býujetiniň, hususy telekeçileriň öz serişdeleriniň, bank karzlarynyň, halkara grantlaryň hem-de telekeçilik işinden alynýan girdejileriň hasabyna üpjün ediler. Salgytlardan we beýleki hökmany töleglerden soň galan girdejiniň merkezleriň öz ygtyýarynda galdyrylmagy bolsa hususy we döwlet hyzmatdaşlaryna maddy-tehniki binýady yzygiderli kämilleşdirmäge, täze we döwrebap sport enjamlaryny satyn almaga hem-de hünärmenleri we tälimçileri döwrebap iş şertleri bilen işe çekmäge güýçli höwes döreder.

Şeýle hem