Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde ýylyň ilkinji alty aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri seljerildi. Wise-premýer Batyr Annaýew gözegçilik edýän ulag we aragatnaşyk toplumynda şu ýylyň alty aýynda gazanylan ykdysady görkezijiler barada hasabat berdi. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazeti 10-njy iýulda habar berdi.
Hasabat döwründe ulag-aragatnaşyk toplumy boýunça ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň ösüş depgini 113,9 göterime deň boldy. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, ähli ulag görnüşleri arkaly ýük daşamagyň ösüşi 103,1 göterime, ýolagçy gatnatmagyň ösüşi bolsa 102,9 göterime barabar boldy.
Aýry-aýry pudaklar boýunça alanyňda, alty aýyň netijeleri boýunça hyzmatlaryň ösüş depgini Demir ýol ulaglary ministrliginde 106,8 göterime, Awtomobil ulaglary ministrliginde bolsa 120,3 göterime ýetdi. Şeýle hem «Türkmenhowaýollary» döwlet gullugynda bu görkeziji 118,1 göterime, Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugynda 100,3 göterime, Aragatnaşyk ministrliginde bolsa 115,3 göterime deň boldy.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ulag-aragatnaşyk toplumynyň işini yzygiderli kämilleşdirmegi hem-de ýük we ýolagçy daşamagyň möçberini artdyrmak boýunça netijeli çäreleri görmegi tabşyrdy. Demir ýol ulgamyny döwrebaplaşdyrmak, üstaşyr ulag geçelgelerini ösdürmek we bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy güýçlendirmek möhüm wezipeleriň hatarynda kesgitlenildi.
Hormatly Prezidentimiz halkara howa menzilleriniň mümkinçiliklerinden doly peýdalanmagyň, uçarlaryň düzümini täzelemegiň hem-de Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň üsti bilen daşalýan ýükleriň möçberini artdyrmagyň zerurdygyny nygtady. Şunuň bilen birlikde, «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodynda gämigurluşygy işjeňleşdirmek hem-de ýurduň aragatnaşyk ulgamyna döwrebap sanly hyzmatlary ornaşdyrmak boýunça wise-premýere anyk tabşyryklar berildi.