Türkmenistanyň ilçisi Transhazar ulag geçelgesine bagyşlanan ýokary derejeli çärede çykyş etdi

Brýusselde, Ýewropa Parlamentiniň binasynda "Ýewropa Bileleşiginiň strategik garaşsyzlygyny berkitmegiň görkezijisi hökmünde Transhazar geçelgesi" atly ýokary derejeli tegelek stol söhbetdeşligi geçirildi. Tegelek stoluň açylyşynda Ýewropa Parlamentiniň agzasy Ilhan Küçük, Türkmenistanyň ilçisi Sapar Pälwanow, Özbegistanyň ilçisi Gaýrat Fazilow we Gazagystanyň ilçisi Roman Wassilenko çykyş etdiler. Bu barada Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçihanasynyň metbugat gullugy habar berdi.

Sapar Pälwanow häzirki şertlerde ulag babatdaky özara baglanyşygyň diňe bir tehniki mesele däldigini belledi. Onuň sözlerine görä, häzirki wagtda bu üpjünçilik zynjyrynyň durnuklylygy, ugurlary diwersifikasiýalaşdyrmak we döwletleriň çalt üýtgeýän halkara gurşawynda ygtybarly gatnaşyklary saklamak ukyby bilen gönüden-göni baglanyşyklydyr.

Sapar Pälwanow şeýle-de, Türkmenistan üçin Transhazar ugrunyň milli ulag syýasatynyň tebigy we möhüm bölegidigini belledi. Ol Türkmenistanyň geografik ýerleşişiniň diňe mümkinçilikleri däl, eýsem, jogapkärçilikleri hem döredýändigini nygtap: "Esasy ulag ýollarynyň çatrygynda ýerleşýän ýurt diňe bir üstaşyr territoriýa däl, eýsem, ygtybarly, öňünden çaklap bolýan we netijeli hyzmatdaş bolmaly" diýip belledi.

Çäräniň dowamynda gatnaşyjylar Ýewropa Bileleşigi, Merkezi Aziýa, Günorta Kawkaz we giň Ýewraziýa sebiti arasyndaky gatnaşyklary berkitmekde Transhazar ulag ýolunyň artýan ornuna ýokary baha berdiler. Bu ýoluň diňe söwda we logistika üçin däl, eýsem, üpjünçilik zynjyrynyň durnuklylygy, ykdysady özara baglanyşyk, sebitleýin hyzmatdaşlyk we Ýewropa bilen Merkezi Aziýanyň arasyndaky uzak möhletli hyzmatdaşlyk üçin hem möhümdigi nygtaldy.

 

Şeýle hem