Türkmenistan bilen Halkara Zähmet Guramasy amaly hyzmatdaşlygy ösdürmek barada pikir alyşdylar

2-nji iýulda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Halkara Zähmet Guramasynyň (HZG) Halkara zähmet standartlary departamentiniň direktory Korinn Warganyň arasynda duşuşyk geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berdi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen Halkara Zähmet Guramasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we geljekki mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Halkara Zähmet Guramasy bilen hyzmatdaşlygyň Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlygynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýandygy, onuň milli zähmet kanunçylygyny kämilleşdirmäge, durmuş hyzmatdaşlygyny ösdürmäge we halkara zähmet standartlaryny ornaşdyrmaga ýardam berýändigi bellenildi.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan bilen HZG-niň arasynda 2026-njy ýyl üçin hyzmatdaşlyk boýunça Ýol kartasynyň durmuşa geçirilmeginiň ähmiýeti nygtaldy.

Şeýle hem, HZG bilen hyzmatdaşlyk meseleleriniň Türkmenistanyň adam hukuklary babatda halkara borçnamalarynyň we halkara ynsanperwer hukugynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça pudagara toparyň gün tertibine girýändigi bellenildi. Türkmenistanyň HZG-nyň agzalygyndan gelip çykýan borçnamalaryny ýerine ýetirmäge ygrarlydygy tassyklandy.

Taraplar, şeýle hem, BMG-nyň ýöriteleşdirilen edaralary, şol sanda HZG bilen taslama hyzmatdaşlygyny giňeltmegiň ähmiýetini bellediler hem-de Guramanyň Türkmenistanda wekilhanasyny açmak meselesini hem öz içine almak bilen, amaly hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge taýýardyklaryny tassykladylar.

Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi bilen HZG-nyň Zähmetkeşleriň işi boýunça býurosynyň (ACTRAV) arasyndaky hyzmatdaşlygyň oňyn ösüşine aýratyn üns berildi. Bu hyzmatdaşlyk durmuş dialogyny ösdürmäge we halkara zähmet standartlaryny ilerletmäge gönükdirilendir.

Duşuşygyň jemleri boýunça taraplar Türkmenistan bilen Halkara Zähmet Guramasynyň arasynda özara gyzyklanma döredýän ähli ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga özara gyzyklanma bildirýändiklerini tassykladylar.

 

Şeýle hem