Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 26-njy iýunda sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Mejlisde ýurdumyzyň ulag-kommunikasiýa toplumyny ösdürmek we ilata edilýän hyzmatlaryň hilini has-da ýokarlandyrmak boýunça öňde duran wezipeler gözden geçirildi. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazeti habar berdi.
Mejlisiň dowamynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Batyr Annaýew awtomobil ulaglary pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak ugrunda durmuşa geçirilýän çäreler barada hasabat berdi. Häzirki wagtda degişli ministrligiň edara-kärhanalaryna degişli bolan awtoulag serişdelerini yzygiderli tehniki taýdan işjeň ýagdaýda saklamak we olara öz wagtynda ýokary hilli hyzmat etmek boýunça netijeli işleriň alnyp barylýandygy bellenildi. Bu ugurdaky taslamalar ilatymyza edilýän ulag hyzmatlarynyň derejesini ýokarlandyrmakda aýratyn ähmiýete eýedir. Şundan ugur alyp, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurtda awtomobil ulaglary pudagyny yzygiderli ösdürmäge we ilata edilýän hyzmatlaryň hilini kämilleşdirmäge döwlet derejesinde uly üns berilýändigini nygtady. Döwlet Baştutanymyz pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak maksady bilen taýýarlanylan teklibi doly goldady we wise-premýere bu ugurda göz öňünde tutulan degişli işleri ýerine ýetirmegi tabşyrdy.