Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Esen Aýdogdyýew Nury Halmämmedowyň adyny göterýän “Dutaryň owazy” Moskwanyň halkara sungat festiwalynyň geçirilýän ýeri bolan Russiýanyň Suratkeşler akademiýasynyň muzeý-sergi toplumyna baryp gördi. Bu ýerde ilçä Russiýanyň Suratkeşler akademiýasynyň prezidenti, SSSR-iň we RF-niň halk suratkeşi, ÝUNESKO-nyň Hoşniýetli erk-isleg hereketiniň ilçisi Zurab Sereteliniň eserleri hem-de “Dutaryň owazy” festiwalynyň geçirilýän ýeri görkezildi.
Şu ýylyň Türkmenistanda “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” diýlip atlandyrylmagy hem-de Gündogaryň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy bilen baglanyşykly döwlet we halkara derejesinde birnäçe çäreleriň geçirilmeginiň göz öňünde tutulmagy duşuşyk üçin esasy sebäp boldy.
Moskwanyň Nury Halmämmedow adyndaky “Dutaryň owazy” halkara sungat festiwalynyň art-direktory Mämmet Güseýinow öňde boljak festiwalyň maksatnamasy bilen Esen Muhammedowiçi tanyşdyrdy.
Moskwanyň Nury Halmämmedow adyndaky 8-nji “Dutaryň owazy” halkara sungat festiwalynyň guramaçylyk komiteti Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny bellemek bilen bagly Russiýanyň raýatlary üçin baý medeni maksatnamany taýýarlapdyr.
Geçirilmegi göz öňünde tutulan çäreleriň hatarynda okyjylaryň halkara edebi bäsleşigini, Magtymgulynyň goşgularyna bagyşlanan surat bäsleşigini, sazandalaryň bäsleşigini we taslama bäsleşigini geçirmek göz öňünde tutulýar.
Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny Moskwada baýram etmegiň çäklerinde ilkinji baýramçylyk konserti 7-nji aprelde Russiýanyň Suratkeşler akademiýasynyň muzeý-sergi toplumynda geçiriler.