Medeniýet hepdeligi-2026: Balkan topragynda sungat we şygyr

Ýurdumyzyň günbatar sebitinde başlanan Medeniýet hepdeliginiň ikinji güni hem dürli wakalara baý boldy. Bu barada “Türkmenistan: Altyn asyr” elektron gazetinde habar berildi.

Irden Gyzylarbat etrabyndaky medeniýet merkezinde “Hatyrasy belent halypalar” atly aýdym-sazly döredijilik duşuşygy geçirildi. Onda belli sungat ussatlarynyň we döredijilik işgärleriniň milli medeniýetimiziň, sungatymyzyň barha baýlaşmagyna mynasyp goşant goşandyklary nygtaldy. Şunuň bilen baglylykda, birnäçe ussatlar barada giňişleýin durlup geçildi.

Şeýle-de “Türkmennebit” döwlet konserniniň Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň medeni-sport toplumynda “Sanly ulgamyň mümkinçiliklerini ulanmak arkaly döwrebap okatmagyň usulyýeti” atly maslahat geçirildi. Ondaky çykyşlarda bellenilişi ýaly, “Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyna” laýyklykda, ýurdumyzyň ähli bilim edaralarynda, şol sanda ýokary okuw mekdeplerinde okatmagyň döwrebap usullary, häzirki döwrüň talabyna laýyk gelýän täze dersler özleşdirilýär. Bu bolsa milli ykdysadyýetimiziň pudaklary üçin zerur bolan ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlamagyň baş şertini emele getirýär.

Günüň ikinji ýarymynda Balkan welaýat kitaphanasy köp adamly boldy. Bu ýerde “Garaşsyzlykdan galkynýan medeniýet” atly döredijilik bäsleşiginiň jemini jemlemek dabarasy, şeýle hem ýurdumyzyň halypa we ýaş şahyrlarynyň “Ylham joşguny” atly edebiýat agşamy geçirildi.

Degişli ugurlar boýunça geçirilen bäsleşikleriň ýeňijileri ýörite baýraklara mynasyp boldular. Has tapawutlanan döredijilik işgärleri birinji, ikinji we üçünji orunlar ugrunda bäsleşdiler. Ýeňijileriň sylaglanylmagy bu ýerde guralan dabaranyň şowhunyny artdyrdy.

Medeniýet hepdeligine gatnaşyjylar Balkanabat şäherindäki Nebitçiler medeniýet köşgünde belent ruha beslenen ajaýyp wakanyň şaýady boldular. Bu ýerde Balkan hem-de Daşoguz welaýatlarynyň medeniýet we sungat ussatlarynyň konserti geçirildi.

Şeýle hem