Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligi başlandy

Balkanabat şäherindäki «Türkmeniň ak öýi» binasynda ýurdumyzda giňden bellenilýän Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününe gabatlanyp geçirilýän Medeniýet hepdeliginiň açylyş dabarasy boldy. Bu barada “Türkmenistan: Altyn asyr” elektron gazetinde habar berildi.

Giň gerimli döredijilik çäresi hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Balkan welaýatynda geçirilýän Medeniýet hepdeligine gatnaşyjylara iberen Gutlagynyň okalmagyndan başlandy. “Türkmen medeniýetini, sungatyny we edebiýatyny ösdürmekde ýurdumyzda yzygiderli geçirilmegi asylly däbe öwrülen Medeniýet hepdeliginiň uly ähmiýeti bardyr. Balkan welaýatynda geçirilýän Medeniýet hepdeliginiň hem türkmen medeniýetiniň köpöwüşginliligini ähli ajaýyplygy bilen açyp görkezmäge ýardam etjekdigine ynanýaryn” diýip, Arkadagly Gahryman Serdarymyz Gutlagynda belleýär.

Söňra gatnaşyjylar “Türkmeniň ak öýi” binasynyň eýwanynda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli sergi bilen tanyşdylar. Sergide muzeý gymmatlyklary, şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň eserleri, dürli kitaplar, neşir önümleri görkezildi. Bu ýerde Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň kitaplaryna möhüm orun berlipdir.

Soňra kaşaň binada medeniýet we sungat ussatlarynyň baýramçylyk konserti ýaýbaňlandyryldy. Oňa ýurdumyzyň belli teatr artistleri, estrada aýdymçylary, bagşy-sazandalar gatnaşdylar.

Şu ýylky Medeniýet hepdeliginiň çäklerinde guralýan çärelerde ýylyň şygaryna aýratyn orun berilýär. Ýurdumyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli geçirilýän her bir çäre artistleriň, aýdym-saz we folklor toparlarynyň Türkmenistanyň durmuşynda bolup geçýän möhüm wakalary beýan edýän çykyşlaryna beslenýär.

Medeniýet hepdeliginiň çäklerinde ýurdumyzyň öňdebaryjy döredijilik işgärleri bilen döredijilik dünýäsine täze gadam goýan ýaşlaryň duşuşygy geçirildi. Netijeli we işjeň ýagdaýda geçen duşuşygyň dowamynda türkmen edebiýatynyň görnükli wekilleri, häzirki zaman ýazyjylarynyň hem-de şahyrlaryň döredijilik işi barada pikir alyşmalar boldy.

Şeýle hem