Türkmen gallaçylary Watan harmanyna 1 million tonnadan gowrak ak bugdaý tabşyrdylar

Döwlet tarapyndan döredilýän ýokary derejeli mümkinçiliklerden we ýeňilliklerden netijeli peýdalanýan gallaçy kärendeçiler Watan harmanyna ak bugdaýyň 1 million tonnadan gowrak hasylyny tabşyrdylar. Bu barada “Türkmenistan: Altyn asyr” elektron gazetinde habar berildi.

Şu günler güneşli Diýarymyzyň ak ekin meýdanlarynda orak möwsümi gyzgalaňly dowam edýär. Bu işde kärendeçileriň, mehanizatorlaryň we sürüjileriň sazlaşykly zähmeti netijesinde Watan harmanyna goşulýan bugdaý hasylynyň mukdary yzygiderli artýar. Möwsüme degişli ähli düzümleriň utgaşykly işi gallaçy kärendeçileriň öňde goýlan wezipelere abraý bilen hötde geljekdiklerine bolan ynamy pugtalandyrýar.

Häzirki döwürde ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda döwrebap däne saklaýjy we üweýji kärhanalaryň gurulmagy bugdaýyň ýetişdirilmegine, gaýtadan işlenilmegine we degişli talaplara laýyklykda saklanylmagyna berilýän ähmiýetiň örän uludygyny aýdyň görkezýär.

Orak möwsüminde işleriň gije-gündizleýin usulda alnyp barylmagy netijesinde her günde kabul ediş nokatlaryna ak bugdaýyň müňlerçe tonnasy gelip gowuşýar. Şeýlelikde, tabşyrylan hasyl üçin hasaplaşyklar öz wagtynda geçirilýär. Bu bolsa ekerançylaryň ýetişdirilen bol hasyly iň soňky dänesine çenli ýygnap almaga, döwlete bugdaý tabşyrmak boýunça öňde goýlan şertnamalaýyn borçnamalaryny doly ýerine ýetirmäge höwesini artdyrýar.

Şeýle hem galla oragy döwründe göçme abatlaýyş-mehaniki toparlaryň ýüzlerçesi gallaçylara gije-gündiz hyzmat edip, olary ähli zerur bolan ýangyç, çalgy ýaglary we beýleki ätiýaçlyk şaýlar bilen üpjün edýär. Meýdan düşelgelerinde galla oragyna gatnaşýan mehanizatorlar, sürüjiler we beýleki işgärler üçin ähli degişli durmuş şertleri döredildi.

Täze hasylyň dänesi ähli zerur enjamlar bilen enjamlaşdyrylan kabul ediş nokatlaryna, şeýle hem ammarlara we elewatorlara getirilýär. Gazanylan üstünligi berkitmek üçin ekin meýdanlaryndaky işleriň depginini çaltlandyrmak ugrunda zerur tagallalar edilýär.

Degişli düzümleriň sazlaşykly zähmeti netijesinde galla harmanyny has-da beýgeltmek boýunça gallaçylaryň öňünde durýan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi ata Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllyk baýramyna mynasyp zähmet sowgady bolar.

Şeýle hem