Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçisi Sapar Pälwanow bilen Antwerpen deňiz akademiýasynyň Baş direktory Rouen wan Şereniň arasynda geçirilen duşuşykda deňiz bilimi we deňiz giňişliginde işleýän hünärmenleri taýýarlamak ulgamynda hyzmatdaşlyk mümkinçilikleri maslahatlaşyldy.
Belgiýanyň deňiz flotunyň hünärmenleri taýýarlanylýan uniwersitet kollejine bolan saparynyň çäklerinde türkmen ilçisi akademýanyň işiniň esasy ugurlary, bilim maksatnamalary, ylmy-barlag işleri we hödürlenilýän hünär derejesini kämilleşdiriş okuwlary bilen ýakyndan tanyşdy.
Rouen wan Şeren akademiýanyň ýörite bilim maksatnamalaryny hödürläp, onuň şahadatnamalarynyň halkara derejede ykrar edilýändigini belledi. Bu bu ýerde berilýän bilimiň ýokary hil derejesini, ählumumy deňiz jemgyýetinde uly abraýadan peýdalanýandygyny tassyklaýandygyny belledi.
Antwerpen deňiz akademiýasynyň ýolbaşçysy Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürmäge gyzyklanmalaryny beýan edip, munuň talyplary we mugallymlary alyşmak, bilelikde ylmy taslamalary durmuşa geçirmek, şeýle hem Türkmenistanyň deňiz pudagyny ýokary bilimli hünärmenler bilen üpjün etmek boýunça talaplary kanagatlandyrmakda täze mümkinçilikleri açýandygyny belledi.
Türkmen ilçisi bilen bolan söhbetdeşlikde deňiz portlarynyň we degişli gyramalaryň buýurmasy esasynda akademiýanyň alyp barýan ylmy-barlag işlerine ünü çekildi. Akademiýanyň Baş direktorynyň pikirine görä, bu ugurdaky hyzmatdaşlyk, hususan-da, Türkmenistandaky häzirki zaman port düzüminiň işini we logistika amalllaryny sazlaşykly utgaşdyrmak boýunça bilelikde ylmy-barlag taslamalary durmuşa geçirmäge ýardam eder.
Antwerpen deňiz akademiýasynyň Baş direktorynyň başlangyçlaryna jogap edip, türkmen ilçisi Türkmenistanyň öz deňiz senagaty pudagyny ösdürmäge we bu ugurda ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamaga gyzyklanma bildirýändigini, hyzmatdaşlygyň mümkin bolan ugurlaryny geljekde hem giňişleýin ara alyp maslahatlaşmaga ýardam etmäge taýýardygyny mälim etdi.
Sapar Pälwanow degişli ugurda Türkmenistandaky esasy hyzmatdaş hökmünde Antwerpen deňiz akademiýasy bilen Türkmenbaşydaky Deňiz orta hünär okuw mekdebiniň arasynda göni hyzmatdaşlyk gatnaşyklary ýola goýmak mümkinçiliklerine garamagy teklip etdi. Şeýle hem Türkmenistanyň deňiz senagatyny ösdürmek üçin ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamakda bu orta hünär okuw mekdebiniň eýeleýän orny barada gürrüň berildi. Duşuşygyň netijeli boýunça degişli ugurda belgiýa we türkmen taraplarynyň arasynda hyzmatdaşlyk babatda özara düşüişmek hakynda Ähtnamany taýýarlamak başlangyjy öňe sürüldi.