Türkmenistanda ýük dolanyşygyny artdyrmak boýunça möhüm çözgütler kabul edildi

Türkmenistanda demir ýol ulaglary ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak we onuň geçirijilik mümkinçiliklerini giňeltmek boýunça alnyp barylýan işler Ministrler Kabinetiniň 20-nji iýunda geçirilen nobatdaky mejlisinde ara alnyp maslahatlaşyldy. Mejlisi sanly ulgam arkaly hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow alyp bardy. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazeti habar berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Batyr Annaýew demir ýol pudagyny döwrebaplaşdyrmak ugrunda ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi. Onuň bellemegine görä, häzirki wagtda demir ýollaryň ulag-üstaşyr geçirijilik ukybyny ýokarlandyrmak, nebit önümleriniň daşalmagyna bolan islegleri doly üpjün etmek hem-de ýük dolanyşygyny artdyrmak maksady bilen degişli çäreler durmuşa geçirilýär.

Hasabatyň dowamynda wise-premýer döwlet Baştutanynyň garamagyna bu ugurda taýýarlanan teklibi hödürledi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, demir ýol ulaglary pudagyny ösdürmegiň we ulag infrastrukturasyny kämilleşdirmegiň möhüm ähmiýete eýedigini belledi. Döwlet Baştutany demir ýollaryň geçirijilik kuwwatyny ýokarlandyrmaga hem-de ýük dolanyşygyny ösdürmäge gönükdirilen teklibi goldap, degişli işleri ýerine ýetirmek boýunça wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.

Şeýle hem